Almanyň saglyga peýdasy

MilliInfo

4 sagat öň

Almanyň saglyga peýdasy

Alma juda peýdaly miwedir. Ol ýönekeý sarp edilmekden başga-da, birnäçe işdäaçarlary taýýarlamakda giňden ulanylýar. Gündelik alma iýmek derini gözelleşdirýär. Bir ortaça ululykdaky alma 95 kaloriýa deňdir.  Almanyň düzüminde C, K, A, E, B1, B2 we B6 witaminleri, şeýle-de demir, kaliý, marganes, mis ýaly birnäçe minerallar we peýdaly maddalar bar. Olar gündelik zerurlygyň 2-4%-ini üpjün edýär.

Geçirilen gözlegleriň netijelerine görä, alma aşa agramdaky adamlara horlanmaga kömek edip bilýär. Şeýle-de bu miwe ýürek keseliniň döremeginiň öňüni alýar. Munuň sebäbi bolsa almada ganyň holesteriniň derejesini peseltmäge kömek edip bilýän ereýän süýümiň bolmagydyr. Almanyň esasy aýratynlygy bu miwäniň antioksidant täsiriniň bolmagydyr. Olaryň köpüsi gabykda jemlenendir.

Lukmanlaryň aýtmagyna görä, günde 2 sany ortaça ululykdaky almany iýmek süýji keseliniň öňüni almaga kömek edýär. Almanyň düzümindäki polifenollar aşgazan üçin ýaramly bolup, birnäçe iýmit arkaly ýokuşyp biljek keselleriň öňüni almaga ýardam berýär.

Gök we gyzyl alma: 

  • düwnük keseliniň öňüni almaga kömek edýär;

  • demgysma garşy göreşmäge kömek edýär;

  • süňkleriň has-da berk bolmagyna itergi berýär;

  • aşgazan şikeslerinden goraýar;

  • beýnini berkitmäge we goramaga kömek edýär.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info