Häzirki döwürde adamlar, köplenç, smartfonyny hemişe ellerinde saklaýarlar. Ynsanlar, hakykatdan-da, bu enjama ýüpsüz baglandy. Käbirleri ony hatda ýatmaga hem alyp gidýärler. «Hi-Tech Mail» saýty ýatmazdan öň telefony ulanmagyň täsirini düşündirdi.
Täze zelandiýaly alymlar ýatmazdan öň birnäçe sagatlap smartfon bilen ýatmagyň hiç hili erbet täsiriniň ýokdugyny, ýöne bir şertiň bardygyny anykladylar: sosial mediadan gaça durmak.
Barlagda enjamlaryň ukymyza uly täsir etmeýändigi anyklandy. Şeýlelikde, uky, takmynan, ýarym sagat azaldy. Bir wagtyň özünde birnäçe enjamy ulanmakda ýaramaz täsir görüldi. Alymlar enjamlaryň umumy pikir edilýän ýaly uklamak üçin howply däldigini inkär etmeýärler, ýöne telefonlary ýatmaga äkitmezlik maslahat berilýär.

Show more