Eger planetadaky iň howply ýyrtyjylar, uly möjekler we ýylanlar bilen duşuşmak isleseňiz, onda Amazon siziň üçin niýetlenen ýerdir. Biziň şu günki gürrüňini etjek gülgüne reňkli gahrymanymyz hem hut şu suwlarda ýaşaýar. Şeýle-de bolsa, onuň gülgüne reňkiniň sizi aldamagyna ýol bermäň. Bu näzik we zyýansyz gahryman däl. Hatda anakondalar hem ondan çekinýärler.
«Книга животных» kanalynda Botu ýa-da köp ýerde Amazon delfini hökmünde tanalýan jandar görkezildi.
Botunyň uzynlygy iki metre çenli bolup bilýär, ýöne bu onuň ýerli derýalarda iň gowy ýyrtyjy bolmagyna päsgel bermeýär. Ony kitleriň iň ýiti görüşi bilen tapawutlanýan görnüşi hasaplasa bolar. Şeýle-de bolsa, suwda olaryň görmesi derýa haýwanlarynyň köpüsiniňki ýaly gowy däl, şonuň üçin hem, olar eholokasiýa ulanýarlar. Botu uzakdaky jikme-jiklikleri tapawutlandyrmakda kynçylyk çekýär. Gülgüne delfin hereket edýän zatlardan agzyna syganyny iýýär. Olar öz iýmitlerine diňe kiçi jandarlary däl, eýsem, anakondalary we piranlary hem goşýarlar. Bu delfin günde 10 kg çenli iýmit iýip bilýär.
Ganhorlygyna garamazdan, Botu adamlar üçin örän dostlukly çemeleşýär. Onuň bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak diýseň aňsat. Geň galdyryjy zat, Botu aw wagtynda beýleki haýwanlar, mysal üçin, ägirt ýyrtyjylar bilen bileleşip hem bilýär. Olar bilelikde balyk sürýärler we her bir tutulan balykdan paý alýarlar.
Show more