Gaýalaryň gary eräp bir eýýäm,
Pyntyklady pisse bilen badamlar.
Bahar gelip aýnalara kakyp ýör,
Bahar geldi, bahar geldi adamlar.
Ýaýlamyzy ýaza, degre-daşymyzy aýdym-saza besläp, sahawatly türkmen topragyna bahar pasly geldi. Bahar diýlende, gül görkli zenanlar, ýüzlerinden mähir nury ýagyp duran mährem eneler ýada düşyär.
Gözbaşyny milli däplerden alýan Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz güniniň örän uly ähmiýeti bar. Miweli baglaryň pyntyk ýaryp, gül açýan pursatlary, ýere ýyly gidip, togsan dolanda tebigatyň ýaşyl lybasa beslenen wagtynda, gije bilen gündiziň deňleşen halatynda ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenip geçilýän Milli bahar baýramy ynsan kalbyny täzeleniş şatlygy bilen joşdurýar, ynsanlaryň birek-birege mähribanlygy artyp, dostluk gatnaşyklary has-da berkeşýär. Sebäbi baharyň ilkinji aýynda tebigat janlanýar. Daş-töweregimizde jadyly dünýä ýaly täzeden janlanyşyň bolup geçmegi ynsanlaryň ruhuny belende göterýär, ýaşaýşa höwesi artdyrýar;
Gülälegi — buşlykçysy baharyň,
Ýaz otydyr — ýuwa, elmek, ysmanak.
Şahyr «Ýagyş ýagmagyny etdirýär dowam» diýip bahar buşlukçysyba öwrülen ajaýyp goşgusynda belleýär. Çünki ýaz paslynda yzigiderli ýagşyň ýagmagy bolçulygy, ýylyň rysgally gelmegini aňladýar.
Türkmen halky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze öwüşgünli Mili bahar baramyny garşy alýar.
Biz mähriban halkymyzy Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
Show more