Baharyň täsin sowgady bolan kömelekler köküniň, baldagynyň, tohumynyň bardygyna garamazdan, müňýyllyklaryň dowamynda ýaşap gelýär. Ter we hoşboý ysly kömelegi säher çagy, howanyň sergin wagty ýygnamak maslahat berilýär.
Kömelegiň düzüminde adam bedeni üçin wajyp bolan beloklar, uglewodlar, ýaglar, mikroelementler we aminokislotalar, B witaminler toplumy, D witamini, demir, sink, kükürt, fosfor, kaliý, kalsiý ýaly mikroelementler bar. Tebigatyň bu täsin önümi ýürek-damar, nerw ulgamlarynyň sazlaşykly işlemegi, ganazlygyň öňüni almak, miokardyň diwarlaryny berkitmek üçin örän wajyp hasaplanýar.
Alymlaryň geçiren barlaglary kömelegiň sowuklamada-da, 2-nji derejeli süýji keseli bilen kesellemek howpunyň öňüni almakda-da peýdalydygyny ýüze çykardy. Ýöne ony hepdede iki gezekden 100-120 gramdan köp iýmek maslahat berilmeýär. Iki ýaşa çenli çagalara kömelek bermek bolmaýar. Iki ýaşdan soň az-azdan kömelekli çorbalary, ýeňil naharlary bermek bolar. Iň tagamly kömelekler onuň ak görnüşi hasaplanýar. Olara «Kömelekleriň şasy» diýilýär. Kömelek siňmesi kyn allergen önümdir. Şonuň üçin hem, iýmit siňdiriş ulgamynda näsazlyklary bolan ýa-da allergiýa ýakyn adamlar bu önümden ýüz öwürseler ýerlikli bolar.
Show more