Bilimiň hem akyl-paýhasyň çeşmesi bolan kitaplaryň ählisinde özboluşly ys bolýar. Bu ýagdaýa kitap sahypalaryndaky boýaglar, reňkler, täze tipografiki syýa sebäp bolup biler. Munuň sebäbini anyklamak üçin ençeme bilermenler tarapyndan birnäçe gözlegler alnyp baryldy.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda önümçiligiň has-da kämilleşmegi bilen kitaby taýýarlamak işinde birnäçe galyndylardan, dürli düzümli birleşmelerden, himiki maddalardan peýdalanylýar. Şonuň netijesinde hem. çap edilýän neşirleriniň hemmesiniň ysy-da birmeňzeş bolmaýar. Ulanylýan birleşmeler, himiki maddalar birnäçe tapgyrda peýdalanylýar. Kagyz önümçiliginde sellýulozany süýümlere bölmek üçin adatça kaustik soda işlenilip, soňra wodorod peroksidi bilen süýümler agardylýar. Önüme goşulýan käbir madalar täsirleşmä sezewar bolýar, käbir bölegi bolsa durnuksyz organiki birleşmeler görnüşde daşky gurşawa bölünip çykýar. Netijede alnan kagyzdan taýýarlanýan kitaplarda dürli görnüşli ysyň döremegi bolup biler. Ysyň emele gelmegine ýelim hem belli bir derejede täsir edýär. Kagyz adatça agaçdan ýa-da pagtadan öndürilýär.
Täze, döwrebap kitaplara garanyňda, gadymy kitaplaryň ysy başgaça bolýar. Munuň sebäbi bolsa olarda ýüze çykýan özboluşly ys kagyzyň düzümindäki organiki we mineral birleşmeleriň ýok edilmeginiň netijesidir. Kagyz öndürmekde peýdalanylýan agaçlaryň düzümindäki sellýuloza süýümlerini baglanyşdyrýan lignin maddasy wagtyň geçmegi bilen kitap sahypalarynyň sary reňke geçmegine getirýän dürli gurluşly kislotalara dargaýar. Şol sebäpli hem, döwrebap hilli kagyz önümçiliginde lignin maddasyny ulanmagy mümkin boldugyndan aýyrmak göz öňünde tutulýar. Köne kitaplaryň ysyny emele getirýän birleşmeleriň ýene-de biri furfurol birleşmesidir.
Ol çowdary çöreginiň ysyna çalymdaşdyr. Bu ys arkaly kagyzyň üstünden näçe wagt geçendigi kesgitlenilýär. Muňa mysal hökmünde 1800-nji ýyllardan soň çap edilen kitaplaryň furfurol birleşmesini has köp bölüp çykarýandygyny aýtmak bolar. Häzirki wagtda kämil tehnologiýanyň ösmegi bilen kitabyň ysyny ýadyňa salýan atyr önümçiligi alnyp barylýar. Kitap ysly atyry döretmek baradaky pikir 300 müň neşirden ybarat şahsy kitaphanasy bolan dizaýner Karl Lagerfelda degişlidir. Şeýlelikde, dünýäniň ençeme meşhur kompaniýalary we dizaýnerleri tarapyndan kitap ysly atyrlaryň önümçiligi ýola goýuldy. Bu özboluşly ysly atyrlar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hem uly gyzyklanma eýedir.
Show more