Köp ýyllaryň dowamynda dünýäni Russiýa bilen baglan oýunjak aslynda Gündogarda oýlanyp tapylypdyr

MilliInfo

20 Ýanwar, 2026

Ýykylmaýan («Неваляшка») gurjagy sowet dizaýnynyň möhüm nyşanlarynyň biridir. Emma dünýäni bu döwlet bilen baglan oýunjak aslynda Gündogarda oýlanyp tapylypdyr. Ilkinji «newalýaşka» gurjagy takmynan 200 ýyl mundan ozal Russiýada peýda bolupdyr: ähtimal, onuň prototipi bolan daruma gurjagyny söwdagärler Ýaponiýadan getiripdirler. Daruma heýkeljigi dokuz ýyllap hereketsiz meditasiýa geçirip, ellerini we aýaklaryny atrofiýa eden zahid monahy Bodhidharmany alamatlandyrypdyr. Ynama wepalylygy üçin ýaponlar monahy hormatlap başlapdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen, ol bagt getirýän, has takygy Täze ýyl arzuwlaryny ýerine ýetirýän gymmatlyk hasaplanyp ugrady.

Adaty darumanyň gözleri ýokdy: eýesi nuň gözleriniň birini arzuw edende çekse, beýlekisini diňe islegleri hasyl bolanda çekýärdi. Eger daruma arzuwyň hasyl bolmagyna kömek etmese, ony ybadathana äkidipdirler we ýakypdyrlar, şondan soň täze gurjak satyn alypdyrlar.

Orsýetde bolsa bu oýunjak ilkibada stakan diýen at bilen meşhur boldy. Nižniý Nowgorod sebiti onuň önümçiliginiň merkezi bolupdyr. Stakan agaçdan ýasalyp, ýagty reňkler bilen boýalypdyr. Stakanlar ýarmarkalarda satylypdyr, ýöne olaryň bahasy gymmat bolupdyr, şonuň üçin pukara oba maşgalalarynda olar nesilden-nesle geçirilip gelnipdir.

Ol ozalky Sowet döwrüniň uly islege eýe bolan gurjagy bolmagynda galýar. Munuň diňe gartaşan adamlary täsirlendirýändigi bilen däldigini bellemek gerek. Şunlukda, onuň oýlanyşykly dizaýny häzirki wagtda hem möhüm bolmagynda galýar.

Teswirler

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info