Durmuşymyzda häli-şindi ulanylýan «еnе ýüregi», «ene pendi», «ene söýgüsi» ýaly düşünjeler hut ene mähriniň güýjüniň bimöçberdiginiň alamaty. Şeýle düşünjeleriň aňrysynda ene eliniň gudraty, onuň perzendine eçilýän täsin ýakymy bar.
Şahyryň «Ah, ene elleri,ene elleri...» diýip, janyndan syzdyryp ýazan şygrynyň bagşynyň kalp owazyna goşulyp, söýgüli aýdymlarymyzyň birine öwrülmegi-de ene eliniň gudratynyň nyşanydyr.
Türkmençilikde «Ene eli em» diýen ýörgünli jümle bar. Bu düşünjäniň örän dogrudygy durmuşda hem, lukmançylyk ylmy taýdan hem kemsiz subut edilendir. Ene eliniň ýakymynyň hatda ene süýdünden hem güýçli täsir edýändigini subut edýän birnaçe tymsallar halkyň arasynda giňden ýaýbaňlanypdyr.
Ene ýüreginiň mähri, ene eliniň ýylysy, enäniň şirin hüwdüsi ynsanyň kalbyna baky ornan gymmatly mukaddeslikdir. Enäniň päk kalbyndan çogup çykýan hüwdi mähir söýgüsidir, ýürek mukamydyr.
Eneleriň bahara meňzedilmegi hem şonuň üçindir. Bahar paslynyň gelmegini tebigatyň ynsany ýalkamagy hasaplan ata-babalarymyz iň gözel oý-pikirleriň netijeliliginde hem bahary hem-de oňa mahsus bolan döredijilik güýjüni görýärler. Şonuň üçin hem, goýnunda owadan gülleri, baglary gülledýän, şemalyň, Günüň, suwuň ýakymy bilen dem alýan mukaddes toprak hem enä deňelýär.
Mährem enelerimiz hemişe toýlarymyzyň we öýlerimiziň törüniň bezegi bolsun!
Show more