Ahalteke bedewi. Ahalteke bedewi ir döwürlerden Köpetdagyň eteginde ösdürilip ýetişdirilen at tohumydyr. Bu atlar özleriniň suwsuzlyga çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle hem inçeden uzyn aýaklary, näzikden çeýe bedeni, gün nuruna ýalkym saçýan gamyşgulak türkmen bedewiniň özüne mahsus aýratynlygydyr. Akyllylygy, duýgurlygy, endikdir häsiýeti bilen ynsanyň söýgüsini gazanýandygy, eýesine wepalylygy bu atlaryň şöhratyny arşa göterýär. Ahalteke bedewi dünýä atşynaslary tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýän arassa ganly tohumdyr.
Fýord aty. Norwegiýalylar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen fýord atlary dünýädäki iň gadymy we iň arassa at tohumlarynyň biridir. Fýord atynyň boýy 150 sm töweregi bolup, ol çydamlylygy, güýçlüligi we adamlar bilen hoşniýetli gatnaşykda bolmagy başarýandygy bilen meşhurlyk gazandy. Fýord tohumynyň aýratynlyklaryndan biri-de olaryň, takmynan, 90 göteriminiň goňur reňkde bolmagydyr. Fýordlar atçylyk mekdeplerinde giňden ulanylýar.
Arap aty. IV-VII asyrlarda Arap ýarym adasynyň çäginde ösdürilip ýetişdirilen gadymy tohumdyr. Olar 100 kilometrden gowrak aralyga çapyp bilýändigi hem-de suwsuzlyga çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Arap aty, esasan hem, at çapyşyklarynda ulanylýar ýa-da gezelenç üçin amatly at hökmünde giňden peýdalanylýar. Arap atynyň beýleki tohumlardan tapawudy konkaw kellesi, uly gözleri hem-de dürli tizlikde ýokary göterýän «horaz» guýrugydyr.
Iberiýa aty. Iberiýa at tohumynyň dörän ýeri Ýewropanyň uly bölegini emele getirýän Iberiýa ýarym adasydyr. Häzirki wagtda iberiýa atynyň iki görnüşi bar: «Andalus» we «Lusitano». Özüniň dogabitdi owadanlygy, syratlylygy, çeýeligi sebäpli, bu atlar köplenç dürli çykyşlarda, sirkde, gözellik bäsleşiklerinde, konkur ýaryşlarynda ulanylýar.
Hannower aty. Ýewropada iň köp ýaýran arassa ganly tohum at bolup, bu atlar 1735-nji ýylda seçilip alynýar. Hannower atlary sport ýaryşlarynyň bezegi bolup, halkara sergilerde, bökmek we at esbaplary bilen bezemek, şeýle hem şaý-sep dakmak ýaryşlarynyň köpüsinde öňdäki orunlary eýeleýärler.
Show more