Ertirlik üçin süle ýarmasy

MilliInfo

3 sagat öň

Irden oýanýarsyňyz we ertirlik naharyny taýýarlamaly bolýarsyňyz. Şeýle-de bolsa, peçiň başynda durmak islemeýärsiňiz. Çözgüt ýönekeý: Süle (Owsýanka) ýarmasyny taýýarlamak gerek.

Аwsýanka ýarmasyny gije süýde ýa-da gatyga çümdürip goýsaňyz ýumşak bolýar. Bu iň gowusy bolup, agşam ertirlik naharynyň şol bölegini taýýarlamak üçin, hakykatdan hem, bary-ýogy bäş minut gerek bolýar. Agşam hemme zady garyşdyryň, sowadyjyda goýuň we irden taýýar ertirlik naharyňyzy çykaryň.

Bu awsýanka ýarmasyny her gezek dürli görnüşde taýýarlap bilersiňiz: şu gün banan bilen, ertesi kädi bilen. Bu awsýanka  ýarmasy goşmaça şekere ýa-da duza eýe däl.

Süle ýarmasyny gapakly gaba guýuň. Süýdi guýuň we garyşdyryň. Soňra ajaýyp tagam üçin zerur bolan gatygyň ýarysyny goşuň we garyşdyryň. Galan gatygy üstüne ýaýradyň we ertire çenli sowadyjyda saklaň.

Iýmit boýunça hünärmen Anna Belskaýa garyndynyň bir bölegini garyndynyň içine, bir bölegini bolsa üstüne goşmagy maslahat berýär.

 

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info