Düşek bolup ýazlyp ýatan ak nuruň,
Gaýmagyn bozmaga çekinip durun.
Berekedi her saçagyň, her duluň,
Gar düşüpdir sahawatly sährama.
— diýen setirleri okanyňda, ak gara bürenen giň sähra hakydaňda janlanýar. Şu günler bolsa hakydamyzdaky şol ajaýyp gözellik hakykata öwrülip, gözelligi bilen göreni haýrana goýýan Aşgabat bilen birlikde, Watanymyzyň ähli sebitleri ak dona bürendi. Aklyk bolsa türkmen tebigatyny has-da täsirli görkezýär.
«Gyş suwy — gyzyl suwy», «Çille gary — ýeriň gany» diýen ata- babalarymyz gyş garly-ýagmyrly gelmeginiň geljek ýylyň bol hasylly boljakdygynyň alamatydygyna ynanypdyrlar. Çünki çillede ýagan garyň ekin–dikine dökün berlen ýaly gowy täsir edýändigini her bir daýhan bilipdir.
Ilkinji gar ýere düşüp başlanyndan ynsan kalbyny heýjana getirýär. Şonuň üçin hem, şahyr Gurbannazar Ezizowyň «Ilkinji gar» goşgusynda tebigatyň gözelligi özboluşy watançylyk ruhunda beýan edilýär:
Ýer nirde? Gök nirde? Bilip bolanok.
Baky ilknji gar ýagýardy ýene.
Onuň ýerde dynnym ýaly kasty ýok,
Gyz ädimi bilen düşýärdi ýere.
Gyş paslyndaky tebigatyň gözelligini her bir şahyr öz döredijilik aýratynlygyna göra çeper wasp edýär. Şahyr Rehmet Seýidowyň:
Gyş-da gelip, çöke düşüp, gapymda heňin çalýar,
Ýeller oýnap, garlar galgap, meýdan sowuk dem alýar.
Emma bu ýaş ýüregimde bahar heňi saz edýär,
Gözel-gözel hyýallarym gyş günini ýaz edýär
— diýen sözleri ynsan kalbyny ýagşy arzuw-hyýallara atarýar.
Umuman, gyş pasly türkmen sährasyna üýtgeşik gelşik berýär. Bu görnüş XX asyryň şahyrlarynyň bir biriniň nazaryndan sypmandyr. Olar gyşyň tämiz gözelligi barada ýürek joşgunlaryny eserlerine siňdirip, eziz Watanymyza, tebigata söýgini täsirli hem özboluşy beýan edipdirler.
Show more