Kakaonyň durmuş bilen sazlaşygy we peýdasy barada

MilliInfo

21 Ýanwar, 2026

Kakaonyň düzüminde teobromin we flawonollaryň bardygyny düşündirildi, olar nerw ulgamyny ýumşaklyk bilen höweslendirýärler we beýniniň gan aýlanyşygyny gowulandyrýarlar. Şunuň bilen birlikde ünsüň jemlenmegini, ýady we maglumat işlemeginiň tizligini ýokarlandyrýarlar. Bu içgi şeýle hem bagt gormonlary serotonin we endorfin öndürýär, munuň özi iş stresi we ýadawlyk bilen göreşmegi aňsatlaşdyrýar.

Lukmanyň sözlerine görä, antioksidantlara baý kakao oturymly durmuş ýörelgesine eýerýänler üçin ýürek-damar ulgamy boýunça gowy goldawdyr. Bu maddalar oksidatiw stres bilen göreşýärler, gan basyşyny we holesterin derejesini kadalaşdyrmaga kömek edýärler hem-de aterosklerozdan goraýarlar. Kakaonyň düzüminde magniý we hrom ýaly minerallar gandaky glýukozanyň derejesini kadalaşdyrmaga, insuline garşylygy peseltmäge (ýagny öýjükleriň insuline duýgurlygyny ýokarlandyrmaga) we açlyk duýgusynyň hem-de sagdyn däl naharlara bolan höwesiň öňüni almaga kömek edýär.

Teswirler

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info