London 155 ýyldan soň ilkinji gezek ýagyşsyz aýy başdan geçirdi

MilliInfo

2 sagat öň

London 155 ýyldan soň ilkinji gezek ýagyşsyz aýy başdan geçirdi

Londonyň Korollyk Botanika bagyndaky (Kew) howa stansiýasy tutuş bir aýyň dowamynda ýekeje ýagyşly güni hem hasaba almady. Gözegçilikler şol ýerde 1871-nji ýyldan bäri geçirilýär we şeýle netije soňky 155 ýylyň dowamynda hasaba alynmandy diýip, «Semafor» habar berýär.

Şeýle-de bolsa, bu aýyň Londonyň ähli künjegi üçin ilkinji gezek doly gurak bolandygyny anyk tassyklamak heniz mümkin däl.

Ýagdaýyň ýakyn geljekde düýpli üýtgemegi hem mümkin däl: sinoptikler Beýik Britaniýada gurakçylygy soňlap biljek uzak we güýçli ýagşyň ýagmagyna garaşmaýarlar.

Suw ýetmezçiligi Ýewropanyň beýleki böleklerine hem täsir etdi. Dunaý derýasyndaky suwuň derejesiniň rekord derejede pes bolmagy sebäpli, Wengriýa ýeke-täk atom elektrik stansiýasyny ýapdy. Ýurduň häkimiýetleri ykdysady kynçylyklar sebäpli, elektrik togunyň kesilmegine we energiýa sarp edilişiniň çäklendirilmegine taýýarlyk görýärler.

Rumyniýadaky, Dunaýa hem daýanýan Çernawoda atom elektrik stansiýasy eýýäm ýapyldy. Reýn derýasyndaky suwuň derejesiniň pese gaçmagy, öz gezeginde, Germaniýanyň söwdasyna päsgelçilik döretdi.

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info