Her bir adamyň çagalyk ýyllary oýnawaçlar bilen bagly bolup, üstünden ýyllaryň geçendigine garamazdan, «naşyja dostlar» ynsanyň ýadyndan çykmaýar.Gyzjagazlara gurjaklar has hem ýakyn bolup, matrýoşka reňkleri hem-de bir gurjakdan birnäçesiniň peýda bolmagy bilen has-da uly täsir döredýär.
Matrýoşka gurjagy kiçi hem birmeňzeş gurjaklary öz içine alýan owadan reňkler bilen bezelen rus agaç oýunjagydyr. Ol öý gurjagyndan (köp bölekli oýunjak) gelip çykýar. Öý gurjaklarynyň sany adatça üç ýa-da ondan hem köp bolýar. Olar adatça tekiz düýbi bolan ýumurtga ýaly bolýar we iki sany aýrylyp bilinýän bölekden, ýokarky hem aşaky tarapdan ybarat. Adaty matrýoşka gurjaklarynda gyzyl köýnegi we baş ýaglygy bolan zenan şekillendirilýär.
Birnäçe ownuk aýratynlyklaryna çenli reňklenen agaç oýunjaklary ýasamagyň tehnologiýasy Russiýada köpden bäri belli.
Rus agaç gurjagynyň 1890-njy ýyllarda ýurduň çalt ykdysady we medeni ösüşiniň milli aň-düşünjäniň we rus medeniýetine gyzyklanmanyň ýokarlanmagy bilen bagly peýda bolandygyna ynanylýar. Bu döwürde Rus imperiýasynda «rus stili» diýlip atlandyrylýan çeperçilik hereketi peýda bolýar. Soňra halk daýhan oýunjaklarynyň däplerini dikeltmek we ösdürmek bilen meşgullanýar. Moskwada bu ugurda «Çagalaryň bilimi» atly okuw maslahaty guralyp, onda suratkeşler ilkibaşda Russiýanyň oblastlaryndan we etraplaryndan gelen zenanlaryň baýramçylyk lybaslaryny görkezýän gurjaklary döretdiler. Görnüşine görä, rus agaç gurjagyny döretmek pikiri hut şu ýerde ýüze çykypdyr. Ilkinji eskizler sungatda «rus stilini» işjeň wagyz edýän professional suratkeş tarapyndan işlenip düzülipdir. Başga bir nusga görä, Malýutin ilkinji matrýoşka gurjagyny el işleri muzeýinde işläp ýörkä döredýär.
