«Möý adam: täze gün» filmi çykanyndan soň, bary-ýogy alty günüň içinde dünýä kassalarynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazandy. Filmiň bu derejä ýetmek tizligi 2019-njy ýylda çykan «Ar alyjylar: Soňky oýun» filminden soň, ikinji orunda durýar.
ABŞ-da Tom Hollandyň baş keşbi janlandyran filmi eýýäm 407 million dollardan gowrak girdeji gazandy we ýerli kassalardaky düşewündi boýunça 400 million dollardan iň çalt geçen film boldy. Onuň Demirgazyk Amerikadan daşardaky kassa girdejileri 645 million dollardan geçdi. «Marvel Studios» kompaniýasynyň baş direktory Kewin Feýge şeýle uly netijä garaşmandygyny boýun aldy. Ol filmiň ABŞ-nyň kassa görkezijilerinde «Ar alyjylar» filminden öňe geçjekdigine ynanmaýandygyny aýtdy we onuň üstünligini ýakymly garaşylmadyk waka hökmünde häsiýetlendirdi. «Möý adam: täze gün» 2026-njy ýylyň 1 milliard dollarlyk görkezijiden geçen dördünji filmi boldy. Şeýle üstünlik öň «Super Mario: The Galaxy Movie», «Maýkl» we «Toy Story 5» filmleri tarapyndan gazanylypdy.
Hekaýada Piter Parker Nýu-Ýork şäherini goramagyny dowam etdirýär, emma öňki filmdäki wakalardan soň hiç kim onuň möý adamyň maskasynyň aşagynda gizlenýändigini ýadyna salmaýar. Tizden-tiz bu gahryman täze howp bilen ýüzbe-ýüz bolýar we kömek üçin Brýus Bannere ýüzlenýär.

Show more