Öý ösümliklerini satyn almagy halaýarsyňyzmy? Gyş möwsümi ösümlikler üçin aýratyn döwür we az tejribe bilen olara ideg etmekde ýalňyşlyklaryň döremek howpy bar. Emma umytsyz bolmaň! Gyş möwsüminde has uly idegi talap etmeýän öý ösümlikleri hem az däl.
Aglaonema. Bu ösümligiň ýapraklary örän uly, şonuň üçin otagyňyza iň laýyk gelýän ululygy saýlap bilersiňiz. Aglaonema haýal ösýär, ýöne idegi talap etmeýär.
Hibiskus. Aýratyn göze ilýän ösümlik. Hibiskus çalt ösýär, ýöne bereketli topraga mätäç. Bu ösümlik üçin öýüňiziň has ýagty ýerini saýlaň.
Hoýa. Hoşboý ysly, ýyldyz şekilli gülleri bilen tapawutlanýar. Ösümlik ýylda birnäçe gezek gülläp bilýär. Hemişe ýaşyl agajy bolandygy üçin, uzynlygy birnäçe metre ýetip bilýär.
Nolina. Onuň adatdan daşary we täsirli görnüşi bar. Ösümlik gurakçylyga çydamly we ýygy-ýygydan suwarylmagyny halamaýar.
Maranta. Ösümligiň öz ýapraklaryny ýokary galdyrmak ukyby bar. Maranta, adatça, az idegi talap edýär. Ösümlik örän owadan ýapraklary bilen tapawutlanýar.
Show more