Ynsan saglygy üçin hereket — bu durmuşdyr. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak bedenimiziň ähli ulgamlaryna oňyn täsir edýär, ýüregi berkidýär we gan aýlanyşygyny gowulandyrýar. Bu bolsa ýürek keselleriniň öňüni almaga kömek edýär.
Endigan maşklar bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar hem-de sagdyn horlanmaga we bedeniň alyş-çalyş ulgamlaryny kadalaşdyrmaga ýardam edýär. Şeýle-de myşsalaryň güýjüni artdyrýar, bogunlaryň çeýeligini saklaýar we süňkleriň berk bolmagyna kömek edýär. Sportuň ruhy dünýämize täsiri köplenç fiziki täsirden hem wajypdyr.
Sport — bu diňe bir professional türgenleriň işi däl, eýsem, her bir adamyň durmuş ýörelgesi bolmalydyr. Günüň dowamynda bary-ýogy 30 minutlyk pyýada ýöriş ýa-da ýeňil maşklar hem siziň geljegiňiz üçin edilen uly maýa goýumdyr.
Ylmy-barlaglar yzygiderli fiziki işjeňligiň adamyň ömrüni ortaça 3 ýyldan 7 ýyla çenli uzaldyp biljekdigini görkezýär.
Sport diňe bir ýaşlar üçin däl, eýsem, 60 ýaşdan uly adamlar üçin hem möhümdir. Yzygiderli ýörişler we ýeňil maşklar gartaşan adamlarda beýni işjeňliginiň peselmek töwekgelçiligini 30% azaltmaga kömek edýär. Şoňa görä-de, sport bilen yzygiderli meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek adamyň sagdyn we ruhubelent ýaşamagynyň girewi bolup durýar.
Show more