Il içinde «Äşe-Patmanyň aşy» diýlip atlandyrylýan semeniniň taýýarlanylyşy

MilliInfo

3 sagat öň

Nowruz baýramy öz köklerini taryhyň çuňluklaryndan alyp gaýdýar. Bu baýramda dürli tagamlar bişirilip, birek-birege myhmançylyga barylýar. Ajaýyp senede ýörite saçak bezelipdir. Şeýlelikde, nowruz saçagyny bezeýän islegli tagamlardan azyndan ýedi dürlisi bişirilipdir. Semeni, ýumurtga börek, mäşewe, palow, unaş, noýbaly nahar, etli çörek, towuk etinden hem-de goýun etinden çorbalar taýýarlanypdyr. Şol tagamlaryň naýbaşysy hem semenidir. Oňa «Äşe-Patmanyň aşy» hem diýipdirler.

Türkmen sowet ensiklopediýasynyň 7-nji jildiniň 490-njy sahypasynda: «Semeni — süýji tagamly, goýy, bulamak görnüşinde taýýarlanylýan, duzsuz bişirilýän milli tagam. Ony taýýarlamak üçin bugdaýy arassalap, agzy giň gapda 2-3 sm galyňlykda ýaýradyp goýmaly we her gün çyglap durmaly. Bugdaý şineläp gögerenden soň, onuň baldaklary ösüp, gök öwsüp ugranda sokuda döwýärler. Gögeren bugdaýdan çykan süýji suwy aýratyn gaba süzüp alýarlar. Soňra şol şireli süýjümtik suwa un goşýarlar. Un goşulan şireli suw bulamak halyna ýetende, ony gaýnadýarlar. Ol haýal ýanýan otda azyndan 10-12 sagatlap gaýnadylýar. Semeni, köplenç, ýylyň bahar aýlary bişirilýär» diýlip, kesgitleme berilýär.

Nowruz baýramçylygynda ýurdumyzyň şäherdir obalarynda bu lezzetli we datly tagam bilen baýramçylyk saçaklarymyzy bezemek hem-de hödür etmek üçin adamlar ony taýýarlamaga girişýärler.

Semeni tagamyny taýýarlamak örän hysyrdyly bolup, ol köp wagty we ünsi talap edýär. Ýöne onuň lezzetli we datly tagamy welin, azap edip zähmet çekeniňe degýär. Ähli zady laýyk edilip taýýarlanan semeniniň tagamy agzyňdan gitmez. Şonuň üçin hem, adamlar bu baýramçylygyň öňünden dogan-garyndaşlary, goňşy-golamlary bilen özara maslahatlaşyp, üýşüp, agzybirlikde semeni tagamyny taýýarlaýarlar.

Semeni üçin ekilen bugdaý maýsasy, adatça, bäş güne ýetip-ýetmän gögerýär. Ýaşyl maýsa ösüp, bir serä ýa-da dört barmak beýiklige ýetende ony gyrkyp akja şinesi bilen alýarlar. Dürterip gelýän baldajyklar ýaprak ýaraýmanka semenini gaýnatmaly. Bir säwlik bilen ýaprak ýararyna galan bolsa ýüzüni çyrpyp, gök ýapragyny aýyrmaly. Ýogsa semeni tagamy ajy kakýar. Ynanja görä, semeniniň bugdaýyny ýuwmak, ekmek we maýsalaryny ýetişdirmek il içinde abraýly, köp çagaly enä ynanylýar. Munuň aňyrsynda, täze ýylda «Enäniň döwleti ýaly köpelgiçlik, rysgal-döwletlilik, bereket hemmä nesip etsin!» diýlen ynanç-ýörelge bar.

Ýetişdirilen bugdaý maýsalar tüýdülip-tüýdülip ýuwlanyndan soň ony üwmeç gurallarynda üweýärler we emele gelen şire-süýdi aýratyn gaba guýup, mynçgap-mynçgap, lötüni sykyp aýyrýarlar. Elekde ýa-da hasada süzüp, süýtli suwuny almaly hem-de ony gazana guýup, eken bugdaýyňa görä (bir kilogramyna üç kilogram), un goşup, bulamak etmeli, gazanyň düýbi kesmek baglamaz ýaly pessaý otda gaýnadylýar. Eger kesmek tutsa bütin gazana ýaýrap, derrew semenini haraplaýar. Onuň ady hem reňkine görä (semen — mele sözünden) bolmaly.

Semeni tagamyny Nowruz baýramynda taýýarlamak adat bolmak bilen bir hatarda, gyş paslyndan soň adam bedeni üçin semeni tagamyny iýmek peýdaly hasaplanylýar. Çünki gögerip barýan bugdaýyň kuwwatlandyryjy häsiýeti bolandygy üçin adamyň saglygyny açlyk çekmek arkaly dikeltmegiň ündewçisi bolan S.Pol Bregg hem uzak wagtlyk işdä saklamakdan soň tapdan düşen adam bedenini kuwwatlandyrmak üçin gögerip barýan bugdaýy iýmegi maslahat berýändir.

Semeni tagamyny taýýarlamagyň adamlaryň arasynda agzybirligi berkitmek, jebisleşmek ýaly jemgyýetçilik ähmiýeti örän uludyr.

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info