Sowadyjyňyza zyýan ýetirmezlige we onuň ömrüni uzaltmaga kömek etjek endikler

MilliInfo

26 Ýanwar, 2026

Nädogry ulanmak hatda iň ýokary hilli enjamy hem zaýalar.

Sowadyjylar adatça 10-20 ýyl işleýär, ýöne dogry ideg edilse. Olariň işi has uzak wagtlap hem dowam edip biler. Şeýle-de bolsa, nädogry ideg edilse, olaryň hatda 10 ýyl hem dowam etmezligi mümkin. Öý abatlaýyş boýunça öňdebaryjy media serişdesi «inmyroom» sowadyjyňyzyň uzak işlemegini üpjün etmek üçin oňa nähili ideg etmelidigini paýlaşdy.

Enjamy pejiň ýa-da radiatoryň golaýynda ýa-da göniGün şöhlesine goýmaň. Gyzgynlyk kompressoryň bozulmagyna sebäp bolup biler. Dogry howa çalşygyny üpjün etmek üçin sowadyjynyň arka tarapynda we gapdallarynda azyndan 5-10 sm boşluk goýuň. Ony diwara gaty ýakyn goýmak enjamyň gyzmagyna sebäp bolup biler.

Ýylda bir gezek möhürleri barlaň. Gapy dogry ýapylmasa, sowadyjy has uzak wagtlap işläp, has çalt zaýalanýar. Tozan ýygnaýan we ýylylyk geçirijiligini azaldýan arka toruny her alty aýda bir gezek tozan sorujy bilen arassalaň.

Sowadyjyda gyzgyn zatlary goýmaň, sebäbi bu kompressoryň ýüküni artdyrýar we içinde kondensasiýa toplanmagyna sebäp bolýar. «Hoff» öý abatlaýyş dükanynyň hünärmenleri sowadyjy bölümini yzygiderli doldurmagyň gowy pikir däldigini belleýärler, sebäbi sowuk howanyň ýaramaz aýlanyşygy onuň gyzmagyna we has köp işlemegine sebäp bolar.

 

Teswirler

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info