Ussat ýazyjy

MilliInfo

31 Ýanwar, 2026

Häzirki zaman türkmen edebiýatynda uly yz goýan ussatlaryň biri-de Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nargylyç Hojageldiýewdir. Ýaşap ýörenliginde şu ýyl togsan ýaşy arka atmaly ýazyjy manyly ömründe «Dünýäm», «Meniň bagtym», «Sazanda», «Men dünýä indim», «Haraýym Döndi», «Tälim», «Ýangyn», «Ynam», «Oraz pälwan», «Söýen ahmyrly bolmaz», «Kanun», «Şem», «Ýürek owazy» ýaly onlarça hekaýany, «Näzdepeli ýesirler», «Japbaklaryň alşan hatlaryndan», «Ahmyr», «Öwrülişik» ýaly powestleri, «Gülle degen sünbüller», «Ene», «Bagyşla, ýarym» ýaly romanlary bize miras goýdy.

Nargylyç Hojageldiýew 1936-njy ýylyň 11-nji awgustynda dünýä inýär. Ol çagalyk ýyllarynda dutar çalmagy gowy görüpdir. Bu söýgi onuň ömrüni dutara siňdiren ussatlaryň ykbalyny içgin öwrenmegine hem getiripdir. Şeýlelikde, onuň milli aýdym-saz sungatymyzyň ägirtleri bilen baglanyşykly makalalary dürli ýyllarda «Edebiýat we sungat» gazetiniň sahypalarynda çap edilýär. Bu babatda edebiýatçy alym Jora Allakow: «Nargylyç saz sungatymyzyň emer-damaryny yzarlamagy halaýan adamlaryň biri. Ol dutara dil bitirmegi başarýar. Belarus şahyrlarynyň biriniň onuň çalan sazlaryny diňläp, Nargylyç hakda goşgy ýazmagy hem şunuň bilen bagly» diýip ýazypdyr.

N.Hojageldiýew «Edebiýat we sungat» gazetiniň ilkinji edebi işgärleriniň, ýagny gazetiň ilkinji çylşyrymly ädimlerini bile ädişenleriň hem biridir. Onuň Magtymguly Pyraga bagyşlanan «Beýik ynsan», «Mylly aganyň tomlaryny okasym gelýär», «Saryhanowyň sapaklary», A.Gowşudow hakda «Çeper prozanyň ussady», B.Seýtäkow hakda «Ussat», H.Derýaýew hakda «Mugallymymyz», B.Gurbanow hakda «Öwrümler, öwrümler», M Seýidow hakda «Ýörelmedik ýoda bilen», R.Allanazarow hakda «Adamlar kömege geler», B.Jütdiýew hakda «Asmana-Zemine sygman ulaldym» atly makalalary türkmen edebiýatyny, sungatyny öwrenmekde gymmatly hazynadyr.

N.Hojageldiýew ömrüniň dürli döwürlerinde gazet-žurnallarda zähmet çekip, ýazyjy-şahyrlarymyzyň birnäçe nesillerine halypalyk edýär. Onuň ömrüniň soňky ýyllaryny «Nesil» gazetinde geçirmegi-de bu bu hakykatyň subutnamasydyr. Sebäbi onuň meşhur eserlerinde gahrymanlaryň aglabasy ýaşlar. Ol öz aýtjak pikirini hut ýaş nesliň wekilleriniň üsti bilen okyja ýetirýär. «Nesil» gazetinde işlän ýyllarynda-da onuň şeýle eserleriniň ençemesi halka ýetirildi. Ussat ýazyjynyň döredijilik ýoly edibiýaty ykbal edinen nesiller üçin ullakan mekdep. Şonuň üçin hem, ussadyň taryhy ykbal yzarlaýan, durmuş öwrümlerinde ýaşlara ýol salgy berýän eserleriň gymmaty şu günki gündede-de asla peselenok.

Teswirler

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info