Bary-ýogy 15 minutda gaýtalanmajak tagamly we restoran derejesindäki işdäaçar

MilliInfo

5 sagat öň

Bary-ýogy 15 minutda gaýtalanmajak tagamly we restoran derejesindäki işdäaçar

Kabaçki bilen taýýarlanan diýseň ýönekeý tomusky işdäaçar.

Bu kabaçkiler «Ýörite» diýlip atlandyrylýar we munuň sebäbi bar. Olar näçe uzak saklansa, şonça-da tagamly bolýar, hoşboý ysly sousy özüne siňdirýär. Bu düzüm «Zen» kanalynyň «Nataliýa Kalnina bilen bişirmek» atly bölüminiň awtory tarapyndan paýlaşyldy.

Gerekli önümler:

• kabaçki – 2-3,

• limon suwy – 3-4 nahar çemçesi,

• duz – tagamyna görä (takmynan 1 çaý çemçesi),

• şeker – 1 çaý çemçesi,

• sarymsak – 3 diş,

• ukrop – tagamyna görä,

• petruşka – tagamyna görä.

Taýýarlamak

Kabaçkileri ýuwuň we eger ýaş bolsa daşky gatlagyny goýuň. Olary dilimleýäris we suwunyň wagtyndan öň çykmagynyň öňüni almak üçin heniz duz goşmaýarys.

Kabaçkileri ösümlik ýagynda iki tarapyndan hem altyn öwüşgine geçýänçä, takmynan, 2 minutlap gyzardýarys.

Soňra sousy taýýarlaýarys. Bir gapda limon suwuny, ownuk dogralan sarymsagy, ukropy, petruşkany, şekeri we azajyk duzy garyşdyrýarys. Hemmesini gowy garyşdyryň.

Gapda gowrulan kabaçki gatlagyny goýýarys, oňa ýeňil duz goşýarys we üstüne sous guýýarys. Soňra ýene bir kabaçki gatlagyny goýup, ýene-de sous goşýarys.

Işdäaçary biraz goýuň, birnäçe sagat goýsaňyz — bu iň gowusy.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info