Häzirki zaman işdäaçarlarynyň iň çylşyrymly we agyr düzümi olary taýýarlamakda uly kynçylyklary döredýär. Ingredientleriň aşa köp bolmagy tagamy örän çylşyrymlaşdyrýar. Şol sebäpden, soňky ýyllarda taýýarlamasy we düzümi ýeňil bolan işdäaçarlar aýratyn uly gyzyklanma eýe bolýar.
1 milliondan gowrak yzarlaýjysy bolan iýmit blogeri Nataliýa Kalnina ýönekeý işdäaçar üçin ajaýyp düzümi hödürleýär.
Şeýlelikde, ilki bilen sogany, şugundyry we käşiri dograň. Soňra sogany ösümlik ýagy bilen gyzardyň.
Sogan gyzaransoň, ony kagyz süpürgijiň üstüne goýuň. Şugundyr we käşir bilen hem şeýle ediň.
Soňra kelemi, duzlanan hyýary we gaýnadylan ýumurtgany dograň. Diňe işdäaçary ýygnamak galýar: ähli ingredientleri bir gapda garyşdyryň we maýonez bilen bezeň. Ýene-de garyşdyryň we tagamyna görä duz goşuň.
Show more