Gyş üçin gök önüm sousy: tomsuň hakyky tagamyny sirke ulanmazdan hem saklap bileris

MilliInfo

18 Iýun, 2026

Gyş üçin gök önüm sousy: tomsuň hakyky tagamyny sirke ulanmazdan hem saklap bileris

Bu tagamyň möhümdigine gyşda, gök önüm sousyny açyp, çorba goşanyňyzda düşünersiňiz. Şonuň üçin hem, gyşa  taýýarlyk döwrüniň başlanmazyndan öň, ony nädip taýýarlamalydygyny öwreneliň.

Size gerek önümler:

250 g bulgar burçy;

200 g sogan;

250 g käşir;

40 g petruşka we ukrop;

700 g pomidor;

250 g duz.

SOUSY TAÝÝARLALYŇ

Ilki bilen bulgar burçy, sogany we täze otlary ownuk dograň. Käşirleri iri gyrgyçda gyryň. Pomidorlary et üweýän maşynda üwäň. Taýýarlanan ähli önümleri garyşdyryň we köp mukdarda duz goşuň. Garyndyny buga goýuň, soňra sousy arassa, gurak bankalara guýuň, berk gaplaň. Saklamak üçin sowadyjyda saklaň. Duzuň köp bolmagy we kislorodyň ýetmezçiligi sebäpli sous fermentlenmez.

Gök önümleri bişirmezden, «sowuk» duzlamak witaminleriň iň ýokary derejesini we «gök önümleriň tomusky tagamyny» saklamaga kömek edýär.

Şeýle taýýarlyklar gyşda wagty tygşytlaýar we tagamyň baýlygyny saklaýar. Olaryň esasy artykmaçlygy tebigylygydyr. Aşa köp sirke ýok, tagam güýçlendirijiler ýok: diňe gök önümler, ýag we birnäçe baharatlar bar.

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info