Dünýäde şeýle adamlar bar… Olaryň edýän zatlaryna seredeniňde, «bu mümkin däl» diýýärsiň. Şonuň üçin hem, olaryň aglabasy Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başarýarlar. Geliň, şeýle ynsanlaryň käbiriniň mümkinçilikleri hakynda gysgaça söhbet edeliň:
1. Şridhar Çillal — iň uzyn dyrnakly adam. Ol 66 ýyl töweregi wagt bäri çep eliniň dyrnaklaryny ösdürýär. Netijede, häzir onuň dyrnaklarynyň umumy uzynlygy 9 metrden hem geçýär. Ol bu rekordy bilen dünýäde uly meşhurlyga eýe boldy.
2. Sultan Kösen — häzirki wagtda ýaşap ýören iň uzyn boýly adam. Onuň boýy 2 metr 51 santimetre ýetýär. Şonuň üçin hem, ol dünýäniň iň uzyn adamy hökmünde rekord goýdy.
3. Nik Stoberl — iň uzyn dilli ynsan. Onuň diliniň uzynlygy 10 santimetrden hem geçýär. Stoberl bu üýtgeşik aýratynlygy bilen rekordçylaryň sanawyna girýär.
4. Robert Uodlow — taryhda iň uzyn adam hökmünde rekord goýan ynsan. Onuň boýy 2 metr 72 santimetre ýetipdir. Häzire çenli bu rekordy hiç kim geçip bilmedi.
5. Hassanal Bolkiah — iň uly hususy awtoulag kolleksiýasynyň eýesi. Bruneýiň soltanynyň kolleksiýasynda, takmynan, 7000-den gowrak awtoulagyň bardygy aýdylýar. Bu şahsyýetiň awtoduralgasynda «Rolls-Royce», «Ferrari», «Lamborghini» hem-de «Bentley» ýaly örän gymmat we seýrek maşynlar bar.
Dünýäde her adamyň özboluşly aýratynlygy bar. Käbirleri bolsa şol aýratynlygy bilen taryha girýär.

Show more