Türkiýe 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda 25 milliondan gowrak daşary ýurt syýahatçysyny kabul etdi

MilliInfo

2 sagat öň

Türkiýe 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda  25 milliondan gowrak daşary ýurt syýahatçysyny kabul etdi

Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý 31-nji iýulda Stambulda geçirilen metbugat ýygnagynda syýahatçylyk pudagynyň ýylyň birinji ýarymyndaky netijelerini yglan etdi.

2026-njy ýylyň ilkinji alty aýynda Türkiýä 25,8 million daşary ýurtly syýahatçy geldi. Syýahatçylyk girdejisi geçen ýyl bilen deň derejede galyp, 25,8 milliard dollara ýetdi.

Russiýadan gelen syýahatçylaryň sany 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 1,5% artmak bilen, takmynan, 2,65 milliona ýetdi.

Metbugat maslahatynda çykyş eden ministr Ersoý şeýle belledi:

— Ýakyn Gündogardaky sebitleýin dartgynlylyk we global näbellilik 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda syýahatçylyk islegine täsir etdi. Türkiýe bu çaknyşyga gatnaşmasa-da, ähli awiakompaniýalarymyz we aeroportlarymyz bökdençsiz işlemegini dowam etdirse-de, Ýakyn Gündogaryň howa giňişliginiň ýapylmagy islegiň birneme azalmagyna getirdi. 2025-nji ýylyň ilkinji alty aýynda biz 26,4 million syýahatçyny garşyladyk, şu ýylyň degişli döwründe bolsa bu görkeziji 25,8 million boldy.

Biz ýylyň ikinji ýarymyna ynam bilen girdik we häzirki çaklamalar ýylyň ahyryna çenli işleriň netijeliliginiň ep-esli gowulaşandygyny görkezýär. Biz durmuşa geçirýän strategik başlangyçlarymyzyň kömegi bilen, syýahatçylyk girdejilerini 2025-nji ýylyň derejesinde saklap, ýylyň birinji ýarymynda 25,8 milliard dollara ýetdik.

Syýahatçylaryň Türkiýede ortaça galmak möhleti 0,5% artyp, 10,01 gijä ýetdi. Gijelerine sarp edilen çykdajylar 2,6% ýokarlanyp, 109 dollara ýetdi.

Türkiýä syýahatçylaryň akymynyň esasy üç çeşmesi üýtgewsiz galdy:

- Russiýa Federasiýasy – 2,65 million syýahatçy;

- Germaniýa – 2,44 million syýahatçy;

- Beýik Britaniýa - 1,58 million syýahatçy.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info