Ýaş şugundyrdan taýýarlanýan kwas

MilliInfo

18 Noýabr, 2025

Öýde taýýarlanan täze kwasy kim söýmeýär? Biz onuň çörek bilen taýýarlanmagyna öwrenişipdiris. Bu gün bolsa şugundyrly kwasyň taýýarlanylyşy hakynda söhbet edeliň.

Bu işi şugundyrlary uly böleklere  bölmekden başlaň. Banka ýaprak sapaklaryny goşuň. Bir litrlik banka kwas üçin ýarym çaý çemçesi duz gerek bolar. Şugundyrlaryň we gök otlaryň üstüne sowuk suw guýuň we onuň üstüni mata bilen örtüň!

Bankany 3-5 gün goýuň. Bu wagtyň dowamynda fermentasiýa bolar. Her niçigem bolsa, tagamyna we reňkine üns beriň.

Kwas ýuwaş-ýuwaşdan gara gyrmyzy reňke öwrüler. Tagamyndan razy bolanyňyzdan soň, kwasy süzüň we sowadyjyda saklaň!

 

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo