Arnold Şwarsenegger 1980-nji ýyllaryň fantastik hereketli filmleriniň dowamy bolan «Korol Konan» filminde Konanyň keşbini täzeden janlandyrar. «Mümkin bolmadyk missiýa» filminiň soňky dört bölüminе režissýorlyk eden Kristofer MakKuorri filmiň edebi esasyny ýazar we oňa režissýorlyk eder.
78 ýaşly aktýor geçen hepdäniň ahyrynda Ogaýoda geçirilen sport festiwalynda taslamanyň ösüşi barada gürrüň berdi we şol ýerde käbir sýužet jikme-jikliklerini paýlaşdy.
«Bu Konanyň 40 ýyllap patyşa bolup, soňra öz patyşalygyny terk etmäge mejbur bolýandygy hakyndaky ajaýyp hekaýa. Elbetde, munda uly serişdäni talap edýän ýörite effektler bolar. Şonuň üçin hem, men bu taslama sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn».
Başga täze taslamalar barada aýdylanda, Arnold Şwartsenegger Den Trahtenberg bilen režissýoryň 2022-nji ýylda «Extraction» we geçen ýylky «Predator: Planet of Death» filmleri bilen üstünlikli täzeden janlandyran «Predator» franşizasyna gaýdyp gelmek barada gepleşik geçirýändigini yglan etdi.
Ekşn ýyldyzy şeýle hem «Commandos» filminiň dowamynyň edebi esasyny alandygyny, onda 1985-nji ýyldaky filmdäki polkownik Jon Matriksiň keşbini gaýtalajakdygyny sözüne goşdy.
«Olar başga bir «Predator» filmini döretdiler we režissýor Den Trahtenberg ajaýyp iş alyp barýar. Indi ol meniň indiki «Predator» filminde baş keşbi janlandyrmagymy isleýär. Biz bu meseläni ara alyp maslahatlaşdyk. «Fox» Arnoldyň keşbini täzeden açdy diýse bolar. Olar maňa ýüzlenip: «Seniň «Predator» filminde baş keşbi janlandyrmagyňy isleýäris» diýdiler we biz ýaňy «Commandos 2» filminiň edebi esasyny aldyk».
Show more