Beýnimiziň işjeň bolmagy üçin nämeler etmeli?

MilliInfo

2 sagat öň

Soňky ýyllarda tehnologiýanyň kämilleşmegi, dürli görnüşli maglumat çeşmeleriniň hemişe elýeterli bolmagy beýniniň «ýalta» bolmagyna getirýär. Bu bolsa adamyň ýatkeşligine oňaýsyz täsir edýär. Eger ýatkeşligimiz gowy bolsa işlerimizi aňsatlaşdyrmaga ýardam edýär. Haýsy wagt haýsy dersiň bardygyny bilmek, synaglara işjeň taýýarlyk görlende, öwrenen zadymyzyň bolsa ýadymyzda galmagy okuwda üstünlik gazanmagymyza ullakan täsirini ýetirýär. Gündelik işimizi haçan etmelidigimizi bilmek gündelik durmuşda hem işimizi örän ýeňilleşdirýär. Eýsem, beýnimiziň işjeň bolmagy üçin nämeler etmelikä? Bilermenler munuň üçin birnäçe gyzykly maslahatlary berýärler. Geliň, olaryň ählisi bilen tanyş bolalyň!

Dogry iýmitlenmek. Elbetde wagtly-wagtynda ýeterlik mukdarda iýmitlenmek saglygymyz üçin örän netijeli bolup, şeýle etmedik halatymyzda saglygymyza oňaýsyz täsir edip biler. Gündelik iýýän gök önümlerimiziň durmuşymyzda köpräk bolmalydygyny hemişe ýatladýarlar. Mundan başga hem, marinad önümleri, balyk, kösükli dänelerden taýýarlanan naharlar we dürli reňkli iýmitleriň iýilmegi maslahat berilmeýär. Şu maslahatlary ýerine ýetiren halatymyzda, saglygymyza peýdaly bolşy ýaly, ýatkeşligimiziň hem güýçlenmegine itergi berýär.

Täze dil öwrenmek. Beýnimiziň işjeňligini artdyrmak üçin bilermenler diňe bir dili öwrenmegi däl, eýsem, islendik täze maglumaty öwrenmegiň hem peýdalydygyny belleýärler. Täze diliň kada-kanunlary, ýat tutjak sözleriňiz, beýni üçin iň gowy «maşklar» beýniniň her gün başga amaly ýerine ýetirmegine, netijede işjeňligini dowam etdirmegine ýardam eder.

Saz çalyň! Aýdym-sazyň beýniniň iki tarapyny hem bir wagtda işledýän az sanly hereketden biridigini bilermenler belleýärler. Aýdym diňlemek ýatkeşligi artdyrmaga, ünslüligi güýçlendirmäge oňaýly täsir edýär. Saz guralyny çalyp bilmek bolsa bu täsiri birnäçe esse köpeldýär.

Hünär ediniň! Gündelik işiňiziň we okuwyňyzyň daşyndan haýsydyr bir  hünär ýa-da pişe ediniň! Tikin tikmek, surat çekmek, keşde gaýamak ýaly haýsydyr bir zady döretmegi öwreniň!

Ýöräň! Açyk hem arassa howada gezelenç edilende, adamyň bedeni gerekli mukdarda kislorod alyp bilýär. Bu bolsa beýniniň öýjükleriniň arasyndaky gatnaşyklary tizleşdirýär. Şeýle hem ýöremek adamyň beýnisini rahatlandyrýar.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info