Brokkoli özüniň baý düzümi sebäpli, iň sagdyn gök önümleriň biri hasaplanylýar. Maglumatlara görä, hatda 2000 ýyl ozal hem alymlar bu görnüşdäki kelemiň ulanylyş aýratynlyklaryna ünsi çekipdirler. Häzirki wagtda dünýä ýüzünde 200-e golaý brokkoli görnüşi belli bolup, şolardan diňe 6-sy medeni ýagdaýda ösdürilip ýetişdirilýär.
Brokkoli – «broccoli» diýen italýan sözünden bolup, «gülleýän kelem baldagy» diýmegi aňladýar. Latynça ady bolsa «brachium» – «şaha».
Heniz doly mälim bolmanka, brokkoli köp ýyllap «italýan asparagusy» diýlip atlandyrylypdyr.
Brokkoli hakynda ilkinji taryny çeşmeler I asyra degişlidir. Meşhur rim alymy Pliniý bu gök önümi «mübärek ösümlik» diýip atlandyrypdyr. Rimden soň, brokkoli gadymy Gresiýada 2000 ýyl gowrak mundan ozal belli bolupdyr. Birnäçe asyr geçensoň, brokkoli Türkiýä gelip ýetipdir we şol ýerden bütin dünýä ýaýrapdyr.
100 gr brokkoli özünde bary-ýogy 34 kkal energiýa saklaýar. Şol sebäpli hem, ol horlanmak üçin peýdalydyr we köplenç berhizlik hökmünde ulanylýar. Ondaky kaliý suwuň düzümini kadalaşdyrýar, mis bolsa birleşdiriji dokumalary maýyşgak edýär, sink erkin radikallardan goraýar.
Brokkoliniň iň köp öndürijisi Hytaýdyr. Şeýle hem bu kelem Hindistanda, Ispaniýada, Fransiýada, Italiýada, Türkiýede we Ysraýylda köp mukdarda ösdürilip ýetişdirilýär.
Brokkoliniň çagalar üçin hem peýdalary uludyr. Ol çagalar üçin iň sagdyn gök önümlerden biridir. Bu gök önüm çaganyň immunitetini goldaýar, nerw ulgamyň işleýşini kadalaşdyrýar. Ene süýdi bilen iýmitlenmeden soň, brokkoli iň oňat ilkinji iýmit hasaplanýar. Kelemiň bu görnüşi çagada ýokanç keselleriň döremek howpuny azaldýar. Mineral düzümi sebäpli süňkleriň ösmegini üpjün edýär.
Show more