Ispaniýada gadymy döwürlerde ýaşan ýabany adamlaryň 300-e golaý gowaklarynyň bardygy ylmy taýdan subut edildi. Müňlerçe ýyl ozal Neandertallar we adamzadyň beýleki wekilleri bu sebitlerde ýaşapdyr. Ylmy maglumatlara görä, olar gowaklarda uzak wagtlap ýaşamandyrlar, sebäbi diri galmak üçin dürli ösümlikler we haýwanlar köp bolan ýerleri yzygiderli gözlemeli bolupdyrlar. Ispaniýada gadymy adamlar hakda köp zat aýdyp biljek «wagt kapsulasy» tapyldy. Ispaniýadaky La Garma gowak toplumy gadymy adamlaryň mesgeni hasaplanylýar. Ol Ispaniýanyň Kantabria ýaýlasynda ýerleşýän La Garmanyň gowak toplumynda tapyldy. Alymlaryň pikiriçe, bu ýerde takmynan 16 800 ýyl ozal adamlar ýaşapdyr.
Taryh we arheologiýa ugurlary boýunça professor Pablo Ariasyň pikiriçe, paleolit döwründe ýaşaýyş jaýlary gaty seýrek bolupdyr. Köne daş asyry diýip hem bilinýän paleolit adamzat taryhynda, takmynan, 3 million ýyl ozal ilkinji daş gurallarynyň ýasalmagy bilen başlanan döwürdir. Alymlar, takmynan, 12 müň ýyl ozal gadymy adamlaryň bürünç ulanmagy we has çylşyrymly gurallary ýasamagy öwrenendigine ynanýarlar.
La Garma toplumyndan tapylan täze gowagyň meýdany 5 inedördül metr. Gowak diwarynyň gyrasyna daýanýan taýaklardan we haýwan derilerinden ýasalan diwary goldamak üçin niýetlenen daşlar tapyldy. Mundan başga-da, arheologlar gadymy adamlaryň haýwanlaryň şahlaryndan we süňklerinden ýasalan gurallaryny goýýan kiçijik otjagazlaryň yzlaryny tapypdyrlar. Şeýle hem sütükleriň gaýtadan işlenmegini we daş gurallarynyň ýasalýandygyny görkezýän yzlar bar. Umuman alanyňda, alymlar gowakdan 4600-e golaý zat tapdylar. Tapyndylaryň köpüsi sugunlaryň we atlaryň süňkleri, şeýle hem çakmakdaş we gabyk balyklarydyr. Tapyndylaryň arasynda özboluşly sungat eseri hem bar.
Show more