Türkmen sährasyna ýene-de bahar geldi. Ýene goja tebigat gadymy türkmen topragyny gülälekdir çopantelpeklere, jümjümelere besläp-büräp ugrady. Bu güller göýä, müň dokuz ýüz kyrkynjy ýylyň baharynyň ilkinji gününde dünýä inen Gurbannazar Ezizowyň doglan gününe ene topragyň bagyş eden täsin sowgat-serpaýyna meňzeýär.
Bu günki gün biz türkmen baharyny Gurbannazar şahyryň şygyrlary bilen garşylaýarys. Şol şygyrlar bilen türkmen sährasynyň gözelligini wasp edýäris. Gurbannazar şahyryň özüne welin, türkmen topragynyň bary-ýogy otuz bäş baharyny görmek miýesser edipdi. Ýöne, şol gysga ömrüniň dowamynda ol türkmene bu ajaýyp Watanyň gözel pasyllaryny baky wasp edip gezmek üçin ýeterlik poeziýany peşgeş goýmaga ýetişipdi. Şahyryň bu peşgeşi öz mähriban halkyna, şu topraga ýapan bahasyz serpaýydy… Bu bahasyz serpaýyň öwezine bolsa ol bizden diňe bir zady — baky söýgini isläpdi...
Maňa kän zat, uly bir zat gerek däl,
Eliňizi ýüregiňize goýuň siz,
Size söýgi bilen ýüzlenýän günlem,
Sözlerimi kesä çekmän, söýüň siz…
Gurbannazar Ezizow öz şygyrlary bilen türkmen şygryýetine pikir taýdan-da, onuň aýdylyşy jähtden-de, düzüliş babatda-da täzelikleri getiripdi. Bary-ýogy otuz bäş ýaşyň içinde tutuş bir halkyň şygryýetinde mekdep derejesine ýetmek, diýseň seýrek hadysa. Şonuň üçinem, Gurbannazar şahyryň şygyrlary bu günki gün her bir öýde, her bir türkmeniň kalbynda ýaşaýar. Maşgalada perzent dünýä inende, durmuş toýy tutulanda, Gurbannazar şahyryň şygyrlary okalýar:
«Törüňizde hemişelik gurulan;
ýumşak sallançagyň ýatmasyn bady…»
diýen ýaly ençeme setirler indi türkmeniň süýji arzuwlaryna hemişelik garyldy. Bu gün aşyk ýigitler derek boýly ýarlaryna Gurbannazaryň dilinde söýgi sözlerini aýdýarlar.
Seni söýdüm. Söýüp bir gez beýgeldim,
Seni söýdüm. Has giňedi bu dünýäm.
Öz ýeňles gylygma gazaply boldum.
Öz durmuş ornuma indi düşünýän.
«Kim men?» Jogap tapman şu günlere çen,
Seni söýüp, kimdigimi bildim men,
Ýeňil gopdum başyňdaky öýme dek,
Diýdim: «Ejiz bu dünýäde söýmedik!»
Seni söýüp, göz ýetirdim bir zada:
Kynçylyk ýok, Ejizlik bar dünýäd.
Hawa, Gurbannazar şahyr öz ýüregini, owazyny, ajaýyp dünýäsini türkmen tebigatyna baky ýadygär goýup gitdi. Bu gün onuň ajaýyp poeziýasy aýdym bolup, äleme seýrana çykýar. Gurbannazar şahyryň şygryýet äleminiň gözelligi ýaly, häsiýetiniň-de türkmen sährasyna çalymdaş ýumşak bolandygyny onuň döwürdeşlerinden telim ýola eşidip görüpdik. «Ol göýä, öz adamkärçiligi bilen paýlap ýetişmedik mährini, söýgüsini töwerek-daşa şygyrlarynyň üsti bilen paýlajak bolýana meňzeýärdi. Belki-de, onuň häsiýeti şygyrlarynyň üstüni ýetirendir. Garaz, ol dünýäleriň ikisem – şahyryň içki dünýäsi-de, döredijilik dünýäsi-de gözeldi» diýip, Magtymguly adyndaky TDU-nyň halypa mugallymy, Gurbannazar şahyryň egindeşi Begmyrat Weýisow hemişe uly mähir bilen ýatlarýar.
Türkmen tebigaty ýaly kalbynyň ylhamyny öz iline bagş eden şahyr Gurbannazar Ezizow bar bolanlygynda şu ýylyň 1-nji martynda ömrünuň 86-njy baharyny garşylardy... Ýöne keç ykbal oňa bary-ýogy 35 ýaş eçildi. Bu känmi ýa az? Ynsan ömründen çen tutsaň ujypsyz, tüýs gülläp-pajarlaýan çagy! Ýöne ylahy zehinli, diňe bir öz sözüni aýdyp ýetişmän, eýsem, edebiýat taryhynda ymykly orun tutup, minnetdar halk hakydasynda hemişelik galmagy başaran şahyr üçin welin, hasap başgaça ýöredilýär.
Men ölerin.Şeýdip,mazarym dörär.
(Alaç barmy – tebigatyň emri bu).
Söýgim gelip,mazaryma büdürär
Hem bir ädim uzaldar meň ömrümi.
Işlesem,bilmesem öler – galarym,
Ajalam birsellem golaýma gelmez.
Ahyrsoňy, ahyrsoňy ölerin,
Ýöne giç.Ol meniň öldügim bolmaz
Meni tohum kimin ýygnar bu toprak
Ýene güýz. Güýz bolsa saralýar ýaprak.
Hawa, baharyň ilkinji gününde biz ýene-de Gurbannazar Ezizowy ýatlaýarys. Diňe bir bu gün däl, şahyr öz şygyrlary bilen türkmen topragynda ýylyň dört paslynda-da ýaşap ýör. Sebäbi ol şygyrlarda bu barlygyň ajaýyp keşbi suratkeşiň ussatlygy bilen döredilipdi. Ol eserleriň ählisinde-de nähilidir bir üýtgeşik hyjuw, egsilmez joşgun bar. Şonuň üçinem, biz hemişe Gurbannazar şahyry ýatlanymyzda kalbymyza türkmen topragynyň göwnüňi göteriji ýakymy aralaşýar. Bu bolsa şahyryň bize hemişelik ýapyp giden bahasyz serpaýydyr.
Show more