Şeker näme sebäpden howply hasaplanýar?

MilliInfo

3 sagat öň

15 müň töweregi adamyň saglygynyň giňişleýin seljermesi goşulan şekeriň aşa köp bolmagynyň statistik taýdan şeýle täsirleri döredýändigini ýüze çykardy:

• artykmaç agram almak;
• abdominal semremegiň döremek töwekgelçiligi;
• 2-nji görnüşli süýji keseli;
• gipertoniýa;
• ýürek-damar keselleri.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň şeker sarp etmek bilen bagly maslahatlary köp sanly dietologlaryň maslahatlaryndan has çynlakaýdyr. BSGG bu babatda gündelik kaloriýanyň şeker görnüşinde 10 %-den köp bolmadyk derejede sarp edilmegine rugsat berýär.

Duz ýa-da şeker: haýsy zyýanly?

Duz bilen şekeri zyýanlylygy taýdan deňeşdirmek o diýen dogry hem däl.

Iki madda hem köp adamyň pikir etmeýän ultra gaýtadan işlenen iýmitlerinde köp mukdarda bolýar. Belli bir goşunda ünsi çekmegiň ýerine umumy iýmitleniş ýalňyşlyklary hakda gürrüň etmek has ýerliklidir:
• artykmaç kaloriýa;
• tiz uglewodlaryň agdyklyk etmegi;
• doýgun ýaglaryň aşa köp sarp edilmegi;
• süýümleriň, witaminleriň we minerallaryň ýetmezçiligi.

Ine, hut şu faktorlar bilelikde saglyga ýaramaz täsir edýär.

Näme etmeli?

Ultra gaýtadan işlenen iýmitleriň sarp edilmegini çäklendiriň. Etiketkalary üns bilen okap, duzuň, şekeriň hem-de beýleki ýokumly maddalaryň mukdaryna ähmiýet beriň. Täze, ter iýmitleri saýlamaga çalşyň.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info