Atlaryň öý hojalygynda saklanýan görnüşiniň ortaça ömri 25 ýyl hasaplanylýar;
Atlar arylardan gorkýarlar. Sebäbi, arylaryň onlarçasynyň çakmagy uly atyň hem heläk bolmagyna getirip biler;
Sagdyn at skeletinde jemi 205 süňk bar;
Arap atlarynyň süňkleri, beýleki tohum atlaryň süňkünden tapawutly bolup, bu olaryň özboluşly profilini kesgitleýär. Şeýle hem, olarda 17 gapyrga, 5 sany bil gapyrga we 16 sany guýruk oňurga bolýar;
Atlar reňkli düýşleri görüp bilýärler;
Budenowskiý tohum atlary «altyn» reňkiň eýesi hasap edilýär. Sebäbi, howanyň güneşli wagty hem bu atlar ýaldyraýan ýaly görünýär;
Atlar 360 derejedäki görüşe eýedirler;
Häzirki wagta çenli iň ýyndam at 88 kilometr/sag tizlik görkezipdir;
Amerikan krem atlarynyň krem reňkli derisi we ýantar gözleri bolup, bu tohumyň wekilleriniň gözleri gyzyl reňkde diýen ýalydyr. Muňa garamazdan, bu tohumyň taýlary ak reňkli gözleri bilen dogulýarlar;
Atlaryň häzirki wagtda Ýer şarynda 160-dan gowrak görnüşiniň ýaşaýandygy tassyklanylýar;
At dünýäniň ýigrimi üç milleti tarapyndan mukaddes haýwan hasaplanylýar;
Maglumatlara görä, atlar gaýnadylan iýmitleri iýip bilmeýärler.
Show more