Çybynlar hemmeleri çakmaýar — bu hakykat. Mysal üçin, eger siz bir topar dostlaryňyz bilen derýanyň kenarynda ýa-da sährada bolsaňyz, bir minutdan soň kimdir biri eýýäm çybynlara garşy göreşýär, beýlekileri bolsa şadyýan ýagdaýda. Belki-de, olar birnäçe çakma bilen gaçyp gutulýarlar. Barlaglar käbir adamlaryň çybynlary beýlekilerden has köp özüne çekýändigini tassyklaýar. Emma çybynlar näme üçin käbir adamlary aýratyn halaýarlar?
Çybynlaryň A (II), B (III) we AB (IV) gan toparlaryndan O (I) gan toparyny has gowy görýändigini görkezýän ylmy taslama bar. Şeýle-de bolsa, tejribeler Aziýa gaplaň çybyny bolan «Aedes albopictus» bilen geçirildi we dürli çybyn görnüşleriniň biri-birinden tapawutly islegleriniň bolmagy mümkin. Olar gan toparyny ys boýunça kesgitleýärler. Adamlaryň, takmynan, 85 %-i gan toparyny açýan himiki maddalary bölüp çykarýar, şonuň üçin çybynlar ilki bilen olara çekiler. Galan 15% adamlaryň gan topary ys çykarmaýar.
Çybynlar öz awlaryny biziň hemmämiziň çykarýan uglerod dioksidimiz arkaly tapýarlar. Göçme manyda aýdylanda, tutuş dünýä olara CO2 akymlary ýaly görünýär we çybynlar onuň iň ýokary ýerine uçýarlar. Çybynlar uglerod dioksidini yzarlamak arkaly birnäçe metr uzaklykdan öz awlaryny tapýarlar. Elbetde, olar has köp uglerod dioksidini çykarýanlara uçýarlar. Şonuň üçin hem, çybynlar çagalara az täsir edýär. Agyr fiziki iş ýa-da maşk edeniňizde, has çalt dem almaga başlaýarsyňyz. Şeýlelikde, çybynlaryň gyzyklanmasyny artdyrýarsyňyz.
Çybynlaryň gysga ömrü barada birnäçe söz
Çybynlaryň (Culicidae), takmynan, 3600 görnüşi bar. Olar Antarktidadan başga ähli yklymlarda ýaşaýarlar. Iň köp duş gelýän çybyn adaty çybyn (Culex pipiens) bolup, onuň esasy awy adamlaryň ýaşaýan ýerinde duş gelýär.
Çybynlaryň köpüsi nektar we ösümlik suwlary bilen iýmitlenýärler. Şeýle-de bolsa olar diňe haýwanlaryň we guşlaryň däl, eýsem süýrenijileriň, amfibiýalaryň, hatda balyklaryň hem ganyny sorýarlar. Käbir çybynlar uly mör-möjekleriň gemolimfasyny sorýarlar.

Show more