Salamlaşmak edebi ýokary adamkärçilikden nyşan bolup, adamzat gatnaşyklary hem şol sözden başlanýar. Salamlaşmak birek-birege parahatlyk, abatlyk, saglyk dilemekdir.
Halkymyzda «Edebiň başy salamdan başlanýar» diýlip ýöne ýere aýdylmaýar. Salamlaşmak ynsanyň asylly häsiýetleriniň biri bolmak bilen, sylag-hormaty alamatlandyrýar.
Salamlaşmak däbiniň taryhy gaty uzaklardan başlanýar. Ol öz üstünden dürli taryhy döwürleri geçiripdir. Salamlaşmak edebiniň ähmiýeti ýaşuly neslimiz tarapyndan ýaş nesillerimize eýýäm çagalykdan başlap öwredilipdir. Paýhasly ata-babalarymyz bu dessury ýitirmän, şu günlere çenli ýetiripdirler. Salamlaşmak edebine halk döredijiliginde hem aýratyn orun berlipdir. Muňa ýazyjydyr şahyrlarymyzyň döredijiligindäki many-mazmunly jümleler aýdyň mysaldyr. Salam berlende we alnanda ol mähir bilen ýürekden aýdylyp, iki tarapyň hem mertebesi deň-derejede hormatlanmalydyr. Bu edebi, ylaýta-da, ýaş nesilleriň göwnejaý berjaý etmekleri örän zerurdyr. Çünki salamlylygyna garap, ýaşlara maşgalasynda berilýän terbiýä hem baha berilýär. Ol diňe bir adamyň özüni bezeýän häsiýet bolman, eýsem, alkyşa mynasyp özüňi alyp barmakdyr. Köpçülik ýerinde özüňden ulyny göreniňde hormat bilen salam bermek we ýeriňden galmak asylly häsiýetden, adamkärçilikden nyşandyr. Türkmençilikde salamlaşmak edebiniň şeýle asylly kadalary halkymyzyň öz milliligine, urp-adatlaryna goýýan sarpasyny alamatlandyrýar.
Umuman, halkymyzda edebiň başy hasaplanylýan salamy hiç kimden gysganmazlyk, sylag-hormatly, adamkärçilikli, açyk göwünli bolmak töweregimizdäkilerde biz barada ýakymly duýgulary döredýär.
Show more