Ýaş soganyň peýdasy

MilliInfo

3 sagat öň

Gök sogan (ýa-da ýaş sogan) düzümi boýunça witaminlere baý gök otlaryň biri hasaplanýar. Gadymy Rimiň, Gresiýanyň, Müsüriň, Hytaýyň ýerli ilaty gök soganyň peýdaly häsiýetleri baradaky pikirlerini tymsallaryň, hekaýalaryň üsti bilen belläp geçipdirler. Olar gök sogany agyr keselden soň saglygy dikeldiji, gorkynyň öňüni alyjy önüm hasaplapdyrlar, hatda agyr söweşlerden ozal myşsalaryny sogan suwy bilen süpüripdirler. Häzirki wagtda hem gök otlar witamin çeşmesi hökmünde giňden peýdalanylýar.

Ýaş sogan — içki organlaryň we ulgamlaryň kadaly işlemegi üçin zerur bolan özboluşly witamin we mineral gory. C, A, beta – karotin witaminlerine gündelik zerurlygy kanagatlandyrmak üçin bir günüň dowamynda 150 gram ýaşyl ot iýmek maslahat berilýär. Gök otlaryň ýaş baldajyklarynda K (fillohinona) witamini köp mukdarda jemlense, B, PP , E witaminleri belli bir derejede saklanýar.

Ýaş soganyň kaloriýalylygy 19 kkala deň. Onuň düzüminiň 93 %-ini suw, 1,3 %-ini belok, 4,5 %-ini uglewod, 0,9 %-ini bolsa süýüm eýeleýär. Onuň düzüminde asla ýag saklanmaýar.

Iýmitlenişiňize girmezden öň gök soganyň  näderejede peýdalydygyny, haýsy kesellerde ulanyp boljakdygyny anyklamaly. Ony, köplenç, kelle agry, antipiretiki, diaforetiki, gyzgynlygy peseldiji, ýürek patologiýasyny bejeriji serişde hökmünde  ulanýarlar. Gök soganyň ýelekleriniň ýiti tagamy işdäňi açýar, düzüminde flawanoidleriň köp saklanmagy immun ulgamynyň işini sazlaýar, düwnük çişiniň döremeginiň öňüni alýar. Ýene-de bir peýdaly tarapy kömelek ýokançlyklaryny basyp ýatyrmak ukyby bar. 

       

  

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info