Köpelýän, ulalýan we hereket edýän daşlar

MilliInfo

26 Aprel, 2026

Janly ýa-da ýaşaýan daşlar diýlip atlandyrylýan «trovante» daşlary Rumyniýanyň paýtagty Buharestden 80 km günbatarda, Kosteşti atly kiçijik rumyn obasynda duş gelýär.

Bu täsin daşlar müňlerçe ýyllaryň dowamynda, takmynan, 5 santimetr ulaldy. «Trovante» daşlary ösümlik we süýdemdirijileriň durmuşyna meňzeýän özboluşly mineral gurluşlara eýedir. Bu daşlar ösümlik dokumasy ýaly ösýär we süýdemdirijiler ýaly köpelýär.

Rumyniýanyň geologiýa instituty bu daşlaryň her biriniň dürli ýaşlarynyň bardygyny, tebigy ygallaryň hasabyna wagtyň geçmegi bilen ösýändigini belleýär.

Beýleki tarapdan, «trovante» daşlary düzümindäki minerallaryň hasabyna täsirleşme geçirip köpelýärler. Daşlar kesilende gatlaklar ýüze çykýar we olaryň her biri aýratynlykda ösmäge başlaýar.

«Trovante» daşlary ylmy taýdan janly bolmasalar-da, ýerli ýaşaýjylar we syýahatçylar wagtyň geçmegi bilen üýtgeýänligi sebäpli, olary janly daşlar diýip häsiýetlendirýärler. Beýleki tarapdan, Kosteşti obasy «trovante» daşlarynyň bar bolan ýeke-täk ýeri däl. Bu daşlara Rumyniýanyň Karpat sebitinde hem duşmak bolýar.

Köpelýän, ulalýan we hereket edýän daşlar diňe Rumyniýada bar. Şol sebäpli hem, bu daşlar 2004-nji ýylda ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi we häzirki wagtda berk goralýar. 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info