Lukman Hekimiň «Tebipçilik ylmynyň kanunlary» atly kitabyndan gymmatly jümleler

MilliInfo

9 sagat öň

Çopantelpegiň gülüni gaýnadyp içseň böwrekdäki daşy ereder.

Dalagy agyrýanlar ýaz ýorunjasyny gaýnadyp içse, şypa tapar. Ol peşewi ýöremeýänlere-de oňat emdir.

Semzegi unaşa goşup iýseň, ötüşen üsgülewügi aýyrýar.

Atgulagy ýenjip, ýara ýapsaň, tiz bitirer.

Kakadylan tudana içgeçmäni, aşgazandaky ýarany aýyrýar.

Çaganyň içi gurçukly bolsa, ýowşany süýde gaýnadyp içirmeli.

Sarymsagy gowrup iýseň, aşgazany berkider, suwuny içseň sarygetirmäni dep eder.

Süýji buýan köki çaý ýaly içilse, süňňüňi sagat edýär.

Soganyň suwuny bala garyp içseň, bokurdak agyra haýry kän.

Naryň dänesini bal garyp iýseň, dişagyra, gulaklaryň agyrmagyna peýdaly.

Turpy mynjyradyp, bala garyp, demrewe ýapsak, ony aýyrmak üçin diýseň peýdalydyr.

Teswirler

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info