Bu gün ýurdumyzyň her bir güni toý–baýramlara, ajaýyp dabaralara beslenýär. Dünýäni gozellige besleýän bahar paslynda bellenýän gadymy baýramlaryň biri bolan Halkara Nowruz güni hem ynsan kalbynyň ruhy joşguny bolup, şol dabaralaryň dowamyna öwrülýär. ÝUNESKO – nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň hem ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp – dessurlaryny özünde jemleýär.
Ol medeniýetleriň gadymy taryhyny,zähmet dessurlaryny, maşgala däplerini,saz mirasyny häzirki zamanyň sungat ýörelgeleri bilen utgaşdyrylyp, adamlaryň şatlygyna şatlyk goşýar. Ýaz paslynyň gözellikleriniň waspy döredijilikde we sungat äleminde öz mynasyp ornuny, çeper beýanyny tapýar. Nowruz baýramynyň taryhy ähmiýeti Abu Reýhan Al Birunynyň, Omar Haýýamyň, Alyşir Nowaýynyň, Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Nurmuhammet Andalybyň eserlerinde hem aýdylyp geçilýär. Nowruz tebigatyň ýaşyl begrese bürenýän, ýaýlalaryň gül açýan döwrüdir.
Her güni toý-baýramlar bilen bezeýan halkymyz baýramçylyk saçagy üçin tagamlary taýýarlamak däbini hem dowam edip gelýär. Baýramda myhman almak,myhmançylyga barmak kalplary nurlandyrýan ýagşy arzuwlary etmek, tagam datmak, semene bişirmek hem halkymyzyň agzybirliginden, hoşniýetli gatnaşyklaryndan nyşandyr.
Halkara Nowruz baýramy Diýarymyzyň dürli künjeklerinde uly dabara bilen bellenilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan «Nowruz: tebigatyň gözelligi reňklerde» atly sergi hem bahar paslynyň gözelligini sungatynyň dili bilen beýan edýär.
Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleri Annadurdy Almämmedowyň «Bahar pasly», Ýarly Baýramowyň «Köpetdagyň eteginde», «Ýaz», Öwezmuhammet Mämmetnurowyň «Ýaz sagymy» we Şamuhammet Akmuhammedowyň «Gülleýän Watan» eserleri ajaýyp tebigatyň, mylaýym ýaz paslynyň gözelligini ussatlyk bilen açyp görkezýär. Tamara Kiselýowanyň «Milliligiň gülleýşi», Aşyrmuhammet Kulyewiň «Çeşme» eserlerinde milli ruhuň tebigat bilen sazlaşygy öz beýanyny tapýar. Merdan Kakabaýewiň «Gözellik» atly eserinde bahar gülleri bilen milli şaý-sepleriň utgaşdyrylmagy Nowruz baýramynyň gelmegi bilen türkmen gelin-gyzlarynyň toý saçagynyň başyndaky şatlykly pursatlaryny göz öňüňde janlandyrýar.
Nowruz baýramy halkymyzyň gadymy taryhyny, medeni mirasyny hem-de ruhy dünýäsini özünde jemleýän bahasyna ýetip bolmajak şatlykly baýramdyr.
Biz mähriban halkymyzy Milli bahar baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Show more